Jokowiç Madridde geçiriljek «Masters» ýaryşyndan aýryldy

  • 23.04.2023 12:33
  • 5.3k+

Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Madridde geçiriljek “Masters” ýaryşyna gatnaşmaz. Bu barada ýaryşy guraýjylaryň metbugat gullugy habar berýär diýip, matchtv.ru belleýär.

«Nowak Jokowiç ýaryşa gatnaşyp bilmez. Tiz gutulmagyňy dileýäris we seni mümkin boldugyndan gysga wagtda kortda göreris diýip umyt edýäris» diýlip, habarda aýdylýar.

Öň, “Mastersden” ispaniýaly Rafael Nadal hem aýryldy. Anna güni Jokowiç Banýa-Lukada (Bosniýa we Gersegowina) geçirilen ýaryşyň ýarym finalyna çykyp bilmedi, ol dünýäniň 70-nji raketkasy Duşan Laýowiçden utuldy.
Madriddäki ýaryş 26-njy aprelden 7-nji maý aralygynda geçirilmeli.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......