Starship gämisi uçurylanyndan 4 minut geçenden soň partlady

  • 21.04.2023 10:49
  • 40k+

Taryhda iň agyr raketa-göteriji gämisi synag uçurylyşyna badalga berlenden dört minut geçenden soň partlady. Partlamanyň deslapky sebäbi hökmünde raketanyň bölekleriniň bölünip aýrylmagyndaky meseleler agzaldy.

Starship raketasy badalga alandan birnäçe minut geçenden soň, hereketlendirijidäki meseleler we raketanyň aşaklap başlamagy zerarly ýörite partladyldy diýip, SpaceX-de habar berdiler.

«Gäminiň birnäçe hereketlendirijileri hatardan çykdy, gämi aşaklap, pyrlanyp başlady. Gäminiň uçuşyny tamamlamak hakynda karar kabul edildi» — diýip, kompaniýada düşündirdiler.

SpaceX-de bellemeklerine görä, kabul edilen kadalara laýyklykda, howa gämisiniň uçuryljak meýdançasy hem-de onuň golaý çäkleri synaglar başlamazdan has ir wagtdan hereket üçin çäklendirildi.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......