Russiýanyň futbol ýygyndysy Aziýada geçiriljek ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdi

  • 19.04.2023 15:19
  • 18k+

Russiýanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan geçiriljek ýaryşa gatnaşmaz diýip, Russiýanyň Futbol Bileleşiginiň (RFU) baş sekretary Maksim Mitrofanow aýtdy.

"Match TV" Mitrofanowyň sözlerine salgylanyp, "CAFA ýaryşyndan ýüz öwürdik. Düýn olara hat iberildi. Esasy sebäbi oýunçylara agram düşürmezlik bilen bagly" -diýdi.

Ilkinji gezek CAFA çempionaty 2023-nji ýylyň 9-21-nji iýuny aralygynda geçiriler. Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň alty agzasynyň - Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýaryşa gatnaşmaga razylyk berendikleri habar berlipdi. Russiýanyň ýygyndy topary hem çakylyk aldy.


düýn 21:54
2.7k+

UEFA Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň tertibini üýtgetdi

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Stambulda geçiren mejlisinde erkekleriň milli ýygyndylary üçin saýlama ýaryşlarynyň täze tertibini tassyklady. Üýtgetmeler 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň güýje......

düýn 20:21
5.1k+

«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi......

düýn 11:36
4.5k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

21.05.2026 09:55
4.5k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....