Apple kompaniýasynyň Hindistandaky ýyllyk satuwy rekord derejä ýetdi

  • 19.04.2023 14:48
  • 11k+

Apple kompaniýasynyň Hindistandaky satuwy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan 2023-nji ýylyň mart aýy aralygynda tas 6 mlrd dollara ýetdi. Bu barada kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Bu geçen 12 aý bilen deňeşdirilende, tas 50% köpdür (şonda ýyllyk satuw 4,1 mlrd dollar boldy) we bu amerikan öndürijisi üçin täze rekorddyr. Muny kommersant.ru ýetirýär.

Apple Bloomberg-iň maglumatlaryna teswir bermekden ýüz öwürdi. Kompaniýanyň resmi maliýe hasabaty 4-nji maýda hödürlener.
Hindistan Apple üçin barha möhüm bazara öwrülýär. Ýylyň başynda Bloomberg 2022-nji ýylda amerikan korporasiýasynyň Hindistandan ol ýerde ýerli portatçylar tarapyndan öndürilen 2,5 mlrd dollarlyk iPhone smartfonlaryny eksport edendigini habar berdi. Bu hem bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür. Mundan başga-da, Apple önümçiliginiň bir bölegini kem-kemden Hytaýdan sebitiň beýleki döwletlerine, esasanam, Hindistana we Wýetnama geçirýär.
Ýatlap geçsek, 18-nji aprelde kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk Hindistanda Apple-iň ilkinji resmi dükanyny açdy. Ol Mumbaýyň iş kwartalynda ýerleşýär.


düýn 12:04
2.1k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......