ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň çaklamasy boýunça Türkmenistanda nebitiň çykarylyşy 3,8% ýokarlanar

  • 18.04.2023 19:23
  • 35k+

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebit öndürmek baradaky çaklamany çap etdi. Bu barada ministrligiň Energetika maglumat dolandyryşy (EIA) gullugyna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.

Hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji çärýeginde Türkmenistanda nebit we beýleki suwuk uglewodorod önümçiligi günde ortaça 0,27 million barrele barabar bolar. Bu, 2022-nji ýyldaky çaklamalar bilen deňeşdirilende, 3,8% ýokary. EIA-nyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan günde 0,27 million barrel nebit öndürer. Her çärýekde gündelik çig mal öndürmek degişlilikde 0,27 million barrele barabar bolar.


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...