Xiaomi 13 Ultra fotoflagmanynyň suraty görkezildi

  • 18.04.2023 11:11
  • 18k+

Xiaomi şu gün, 18-nji aprelde, tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýän täze Xiaomi 13 Ultra flagmanynyň täze suratyny görkezdi.

Kompaniýa iki wersiýanyň hem anons suratlaryny çap etdi: ak we ýaşyl. Iki ýagdaýda-da täze nesliň nano-deri örtügi ulanylýar. Xiaomi örtügiň hapa çydamlydygyny we asyl görnüşini has uzak saklaýandygyny aýtdy.
Smartfonyň korpusy IP68 ülňüsine laýyklykda suwdan we tozandan goralar. Çarçuwa metaldan ýasalan, gapdal gyralary tekiz. Arka tarapynda tyllaýy çyzmykly, dört datçikli we Leica belligi bolan tegelek kamera blogy bar.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...