Apple 2023-nji ýylyň iýunynda täze MacBook noutbuklaryny görkezer

  • 18.04.2023 11:46
  • 6.7k+

2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek işläp düzüjileriň konferensiýasy bolan WWDC 2023-de Apple kompaniýasy diňe bir ilkinji garyşyk reallyk garniturasyny däl, eýsem täze MacBook noutbuklaryny hem hödürlär. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman özüniň Power On hepdelik ýollamasynda habar berdi.

Gürrüň 15 dýuýmlyk MacBook Air, MacBook Pro 13 we täzelenen MacBook Air 13 barada gidýär. Şol bir wagtyň özünde, Gurman täze noutbuklaryň ýörgünli M3 çiplerini aljakdygynyň ikuçlydygyny belleýär.

“Munuň deregine olar M2 prosessorlaryna meňzeş çipleriň esasynda işlärler” – diýip, insaýder aýtdy. Häzirki wagtda Gurmanyň nämäni göz öňünde tutandygy belli däl, sebäbi 13 dýuýmlyk MacBook Pro bilen MacBook Air eýýäm M2 bilen üpjün edildi. Ähtimal, Apple bar bolan çibiň has kuwwatly wersiýasyny taýýarlaýandyr diýip, gazeta.ru belleýär.

Mundan başga-da, Gurmanyň aýtmagyna görä, WWDC konferensiýasynda iOS 17, iPadOS 17, macOS 14, şeýle-de watchOS 10-yň täzelenmesi anons ediler.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...