Žoan Laporta: Messi «Barselona» dolanar

  • 18.04.2023 10:00
  • 22k+

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta janköýerler bilen söhbetdeşlikde «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň ýakyn wagtda katalon klubuna gaýdyp geljekdigini aýtdy.

Laporta Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynyň “Hetafe” (0:0) bilen oýnunyň öňüsyrasynda janköýerler bilen surata düşdi we şol bir wagtyň özünde janköýerleriň soraglaryna jogap berdi. Janköýerleriň biri «Barselonanyň» prezidentinden Lionel Messiniň topara gaýdyp gelip-gelmejegini sorady. Sowala Laporta dessine jogap berdi: "Si" (türkmençe — "Hawa"). Laportanyň janköýerler bilen aragatnaşygynyň wideosy Cadena Ser Carrusel Deportivo-nyň sosial ulgamlarynda çap edildi.
Ozal Birleşen Arap Emirliklerinden bir hemaýatkäriň, Messi gol çeken ýagdaýynda, klubuň maliýe feýr-pleýli meselelerden we aýlyk haklary gaznasy bilen baglanyşykly kynçylyklara duçar bolmazlygy üçin maýa goýmak isleýändigi aýdyldy. «Barselona» häzirki wagtda futbolçynyň gaýdyp gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri gözleýär.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....