Nikkei: Apple Tailandda MacBook öndürmek barada üpjün edijiler bilen gepleşik geçirýär

  • 17.04.2023 13:11
  • 5.2k+

Apple kompaniýasy Hytaýyň daşynda önümçilik kuwwatyny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Tailandda MacBook noutbuklaryny öndürmegiň mümkinçiligi barada üpjün edijiler bilen gepleşikler geçirýär. Bu barada Ýaponiýanyň Nikkei gazeti habar berdi.

Çeşmeleriň habaryna görä, Apple-iň gepleşiklere gatnaşýan üpjün edijileri Tailandda beýleki müşderiler üçin eýýäm önümçilik desgalaryna eýedir we kompýuterler üçin bölek şaýlary we modullary ýygnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Üpjün edijileriň käbiri eýýäm Tailandda täze zawodlary gurmak we işçi almak meseleleri bilen meşgul.
2023-nji ýylda MacBook-yň önümçiliginiň Wýetnamda başlanmalydygy bellendi. Bu ýurt eýýäm Apple-iň Hytaýyň daşyndaky iň uly önümçilik merkezidir. Wýetnamda Apple-iň üpjün edijileriniň sany 2018-nji we 2021-nji ýyllar aralygynda 14-den 25-e çenli artdy. Wýetnamyň zawodlary iPad planşetlerini we AirPods nauşniklerini öndürýär. 


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....