Samarkandda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 15.04.2023 11:01
  • 17k+

Anna güni Samarkandda GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Geňeşiň şu ýyldaky ilkinji mejlisi Arkalaşykda Gyrgyzystanyň başlyklyk etmegine geçdi. Duşuşykda Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar birnäçe resminamalary makulladylar. Bu resminamalar GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de GDA döwletleriniň Hökümet Baştutanlarynyň mejlislerinde tassyklamak üçin hödürleniler.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkekde geçiriler.


şu gün 12:11
7.5k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......