Ledi Gaga ABŞ-nyň Prezidentiň medeniýet komitetiniň egindeş başlygy wezipesine bellendi

  • 15.04.2023 10:25
  • 16k+

Aýdymçy we aktrisa Ledi Gaga Jo Baýden tarapyndan medeniýet we sungat boýunça Prezident komitetiniň egindeş başlygy bellendi. Bu barada amerikan lideriniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Resminamada Ledi Gaganyň (hakyky ady Stefani Joann Anjelina Jermanotta) 13 Grammy baýragynyň eýesidigi we taryhda iň üstünlikli ýerine ýetirijileriň biridigi bellenilýär. “Time” žurnaly ony öň dünýäniň iň abraýly 100 adamynyň hataryna hem goşdy. Bellenilişi ýaly, aýdymçy haýyr-sahawat işlerine we käbir jemgyýetçilik kampaniýalaryna-da işjeň gatnaşýar.
1982-nji ýylda döredilen komitet ABŞ-nyň prezidentine we amerikan edaralarynyň ýolbaşçylaryna medeniýet pudagynda syýasat meseleleri boýunça maslahatlary berýär. Onuň ýene bir başlygy hökmünde Baýden prodýuser Brýus Koeni belledi.
Ledi Gaga Baýdeniň saýlawdan öňki kampaniýasynyň çäklerinde geçirilen çärelerde ençeme gezek çykyş edip, ony goldamakda agitasiýa işlerine işjeň gatnaşdy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ol Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasynda ABŞ-nyň döwlet senasyny ýerine ýetirdi.


düýn 09:33
7.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......