Saud Arabystanynda dört sany ýörite ykdysady zolak açyldy

  • 14.04.2023 17:34
  • 13k+

«Saud Metbugat gullugynyň» habaryna görä, mirasdüşer şazada we premýer-ministr Muhammet bin Salman Saud Arabystanynda dört sany ýörite ykdysady zolagy açdy.

«Saud Arabystany işewürlik üçin açyk we dünýäniň dürli künjeginden gelen maýadarlary biziň hödürleýän mümkinçiliklerimizi görmekleri üçin garşy alýar. Şu gün işe girizilen täze ýörite ykdysady zolaklar ýurtda telekeçiligi ýöretmäge, on müňlerçe iş orunlaryny döretmäge we milliardlarça rial getirmäge düýpli täsirini ýetirer» — diýip, bin Salman ýörite ykdysady zolaklaryň açylyşynda mälim etdi.

Er-Riýadyň golaýynda, Jizanda, port şäheri Ras-el-Haýmada we Jiddadaky şa Abdylla ykdysady şäherinde boljak daşary ýurtlularyň şereketlerine 100% gözegçilik edip biljekdigi, şeýle-de, korporatiw salgydyň bäsleşige ukyply stawkalaryna we import üçin gümrük paçlaryndan boşadylmagyna kepilligi bellenilýär.
Mundan başga-da, daşary ýurt kompaniýalaryna önümçilik we çig mal üçin çeşmeler berler.


29.01.2026 15:22
12k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

27.01.2026 18:00
6.6k+

Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär...

24.01.2026 09:22
2.8k+

Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi...

17.12.2025 12:24
1.6k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...