Twitter habarlaryň aňrybaş göwrümini ulaltdy we şrifti formatirlemegi girizdi

  • 14.04.2023 17:31
  • 4.9k+

Twitter sosial ulgamy habarlaryň aňrybaş ululygyny 10 müň nyşana çenli köpeltdi we Twitter Blue abuna ýazylyşygy boýunça şrifti formatirlemegi girizdi. Bu barada penşenbe güni Twitter Write sahypasynda habar berildi.

"Biz Twitter-de ýazmagyň we okamagyň mümkinçiliklerini ösdürýäris! Şu günden başlap Twitter teksti goýygara ýa-da kese görnüşinde formatirlemek mümkinçiligi bilen, uzynlygy 10 müň nyşana çenli bolan habarlary goldaýar" – diýip habarda aýdylýar. Bu funksiýalara girmek üçin tölegli Twitter Blue abunasyna ýazylmaly diýip bellenýär.

Ondan öň Twitter-de habarlaryň aňrybaş göwrümi 280-den 4 müň nyşana çenli köpeldilipdi.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......