Apple Hindistanda iPhone-nyň önümçiligini üç esse artdyrdy

  • 14.04.2023 17:07
  • 10k+

Apple amerikan kompaniýasy 2022-2023-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlandy) Hindistanda iPhone-nyň önümçiligini üç esse - 7 milliard dollardan geçirip artdyrdy diýip, penşenbe güni Bloomberg agentliginiň habar berendigini TASS belleýär.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Apple, 2021-nji ýyldaky 1% bilen deňeşdirilende, Hindistanda iPhone-nyň 7%-ini öndürýär. Bu ösüş Apple bilen Taýwanyň Foxconn Technology Group we Pegatron korporasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylandan, şeýle hem smartfonlaryň gurnama hatarlarynyň bir bölegi Hytaýdan Hindistana geçirilenden soň gazanyldy.
Apple indiki hepde Nýu-Delide we Mumbaýda ilkinji brend dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär.
Bloomberg-iň berýän habaryna görä, Apple-iň baş direktory Tim Kuk Hindistana sapar etmekçi bolýar, şol döwürde dükanyň açylyş dabaralaryna gatnaşmakdan başga-da, premýer-ministr Narendra Modi bilen duşuşyp, amerikan-hytaý gatnaşyklarynyň dartgynlylygynyň fonunda kompaniýanyň Hytaýyň daşynda önümçiligini giňeltmek boýunça niýetinini tassyklamagyna garaşýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......