LG logotipini ýylgyrýan emojä üýtgetdi

  • 13.04.2023 16:02
  • 14k+

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy dokuz ýylyň içinde ilkinji gezek täze logotipini hödürledi. Bu logotip öňki elementlerini saklap galdy, ýöne ýylgyrýan animirlenen emojä öwrüldi. Bu barada kompaniýanyň blogunda aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

“L we G harplaryndan ybarat bolan brendiň nyşany indi baş atmak, aýlanmak we göz gyrpmak ýaly sekiz sany özboluşly hereketi ýerine ýetirip biler” – diýip, korporasiýanyň wekili belledi.

LG täze logotip dürli ýurtlardan we nesillerden alyjylara, şol sanda Z neslinden ýaşlara ýarar diýip umyt edýär. “LG logosy müşderileri mähirli ýylgyryş bilen garşylap ýa-da sanly platformalarda fon aýdym-sazlary bilen dürli usullar arkaly bilelikde hereket edip biler” – diýlip, kompaniýada bellenildi.
Täze logotipde tegelek çarçuwa hem aýryldy, gyzyl reňk bolsa has açyk edildi. Şol bir wagtyň özünde, şekiliň özi kölegesiz we öwüşginsiz has minimalistik boldy. Şeýle-de, kompaniýa şygaryny Life’s Good (“Durmuş gowy”) diýip üýtgetdi.


06.03.2025 23:43
2.8k+

TCL premium telewizor satuwy boýunça ilkinji gezek LG-ni geçdi

TCL kompaniýasy premium telewizor satuwy boýunça taryhda ilkinji gezek ikinji orna çykyp, LG-ni yzda galdyrdy. Counterpoint Research-iň maglumatlaryna görä, hytaýly Hisense we TCL brendleri bazardaky paýlaryny...

09.08.2024 11:03
1.9k+

LG we Samsung Günorta Koreýanyň mekdepleri üçin akylly okuw kitaplaryny taýýarlaýarlar

Günorta Koreýanyň mekdepleri “geljegiň synp otaglary” taslamasynyň çäginde akylly AI (emeli aň) okuw kitaplaryny girizip başladylar. 2023-nji ýylda LG eýýäm ýurduň 18 mekdebinde işleýän şeýle synp otaglaryny döredip...

düýn 21:44
4.1k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi...

düýn 21:31
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy...