LG we Samsung Günorta Koreýanyň mekdepleri üçin akylly okuw kitaplaryny taýýarlaýarlar

  • 09.08.2024 11:03
  • 1.9k+

Günorta Koreýanyň mekdepleri “geljegiň synp otaglary” taslamasynyň çäginde akylly AI (emeli aň) okuw kitaplaryny girizip başladylar. 2023-nji ýylda LG eýýäm ýurduň 18 mekdebinde işleýän şeýle synp otaglaryny döredip başlady.

Bu synp otaglarynda mugallymlara we okuwçylara kömek edip biljek AI bilen enjamlaşdyrylan CLOi gumanoid robotlaryna birikdirilen sanly tagtalar gurnalandyr.
Günorta Koreýanyň Bilim ministrligi AI bilen işleýän sanly okuw kitaplaryny girizmek meýilnamasyny yglan etdi. 2025-nji ýyldan başlap täze okuw kitaplary ilki matematikany, koreý we iňlis dillerini, kompýuter ylymlaryny öwrenmek üçin ulanylar. 2028-nji ýyldan başlap, olar jemgyýetçilik bilimleri, taryh, tebigy ylymlar we tehnologiýa ýaly dersleri öwrenmekde hem ulanylar.
AI okuw kitaplaryny Samsung we LG kompaniýalary işläp düzerler. Kitaplarda köp dilleriň terjimesi we subtitrler bolar. Goşmaça funksiýalar entek mälim edilmedi.


Koreýa Respublikasynyň wise-premýeriniň orunbasary we bilim ministri Li Ju Ho: "Mugallymlar, synpda okatmagyň täsirli usullaryny işläp düzüp, AI bilen işleýän sanly okuw kitaplaryny ulanmakda möhüm orny tutarlar".


27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....