Netflix Aleksandr Makedonskiý baradaky dokumental dramanyň üstünde işleýär

  • 13.04.2023 15:57
  • 5.8k+

Netflix strimingi patyşa Aleksandr Makedonskiý barada dokumental dramany surata düşürýär. Şeýle çözgüt “Iň soňky patyşalar” we “Afrikanyň şa aýallary: Zinga” seriallarynyň üstünlik gazanmagy netijesinde kabul edildi. Bu barada “Deadline” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Lentanyň iş ady “Aleksandr Makedonskiý”. Netflix bu filmiň üstünde geçen ýylyň tomsundan bäri işleýär. Filmi surata düşüriş işleri Marokkoda geçirilýär.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, kartinada hem dokumental, hem çeperçilik elementleri bolar. Önümçilik bilen Tailfeather Productions we Lion TV meşgullanýar. Prodýuser bolup “Injil” mini-serialy boýunça belli bolan Toni Mitçell çykyş eder.


15.05.2026 11:36
2.2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....