Nýu-Ýorkuň polisiýasy jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin robotlary ulanyp başlady

  • 13.04.2023 11:19
  • 28k+

Nýu-Ýorkuň polisiýasy şäheriň metrosyna gözegçilik etmek we jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin robotlary ulanyp başlady. Bu barada sişenbe güni New York Post gazeti şäheriň polisiýa müdiri Kiçant Sýuelliň sözlerine salgylanyp habar berdi.

"Häzirki zaman şäherimizi we geljekki parahatlygymyzy goramak üçin, işgärlerimiziň bu işi ygtybarly we netijeli ýerine ýetirmekleri üçin zerur gurallar, okuw we tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi möhümdir" - diýip, neşir Sýuelliň sözlerini getirýär.

Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, polisiýa eýýäm umumy bahasy takmynan 750 müň dollar bolan iki sany "sanly iti" ulanýar. Olar mikrofonlar, kamera we datçikler bilen üpjün edilen. Bu "sanly itleriň" iň ýokary tizligi sagatda 1,6 km. "Habarçy robot" lakamly robotlar şäheriň esasy meýdançasyna, Taýms meýdanyna we metro bekedine gözegçilik edýär.


düýn 16:10
2.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
948

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....