Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 11.04.2023 10:06
  • 5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen geçiren duşuşygynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. 

Duşuşyk 10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda geçirildi diýip, DIM-iň saýty habar berýär.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk meýilnamalaryň çäklerinde bilelikde üstünlikli alnyp barylýan işleri beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, reproduktiw saglyk we maşgalanyň meýilleşdirilişi ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk nygtaldy.
Taraplar ileri tutulýan ugur hökmünde ýaşlar syýasaty ulgamynda hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmelidigini aýratyn bellediler.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......