Samsung Galaxy S23-iň baha­sy çykandan iki aý soň iki esse arzanlady

  • 10.04.2023 23:45
  • 43k+

Samsung Galaxy S23 çykandan bary-ýogy iki aý soň bahasy takmynan iki esse arzanlady. Şeýle maglumatlar SellCell tarapynd­an geçirilen gözlegiň netijelerinde gör­kezilýär. Onda görkezijiniň ortaça 43% aşaklandygyny belleýärler.

256 Gb fleş ýady bi­len enjamlaşdyrylan Galaxy S23 modeli es­asy modelleriň arasy­nda has arzanlanydyr. Çykan mahaly bu wersiýan­yň bahasy 860 dollardy (makala ýazylan wagty walýuta hümmeti boýunça 69 müň rubl), iki aýd­an soň bahasy 379 do­llara (30,5 müň rubl) geldi, tapawut 44,1% bold­y. 512 Gb bolan Gala­xy S23 Plus göterim hasabynda 41,6 %-den geçdi. Emma hemmesindenem beter ​ 1Tb-lyk Galaxy S23 Ultra arzanlady - bahasy 52,7% düşdi.

Gözlegçiler​ iPhone 14-iň has haý­al arzanlaýandygyny bellediler. Ilkinji iki aýyň dowamynda onuň bahasy ortaça 32,3% peseldi. Beýlekilere garanda 512 GB-lyk iPhone 14-iň bahasy has peselip, 41,1% arzanlady. 128 GB-lyk Pro Max modeli gymmatyny beýlekilerden az ýitirdi - 13,6%.

Şeýle hem hasabatda Google Pixel 7-niň bahasynyň pese gaçyş dinamikasy görkezilýär. Onuň bahasy ilkinji iki aýda ort­aça 45,9% aşaklady. Gözlegçiler Google -yň Pixel 7 we Pixel 7 Pro smartfonlaryn­yň hemmesine 150 dol­lar arzanladyş goýandyg­yny ýazýarlar. Şeýle­lik bilen, alyjy satuwyň başynda smartfon üç­in doly bahany tölän bolsa, indi telefon ondan kän arzanlady diýip, ha­sabatda netije çykar­ýarlar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...