Intel ýarym geçiriji bölekleriň gurşawynda iň gymmat brend bolmagynda galdy

  • 09.04.2023 19:01
  • 5.1k+

Amerikan Intel Corp. dünýäde ýarym geçiriji bölekleriň önümçilik gurşawyndaky iň gymmat brendleriň arasynda liderligi saklaýar, ýöne Taiwan Semiconductor Manufacturing Co. (TSMC) onuň yzyndan ýetmäge ýakyn. Muny Brand Finance konsalting kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Intel brendiniň bahasy 22,9 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar, bir ýylyň dowamynda görkeziji 10% peseldi. TSMC brendi bolsa bir ýylda 5% gymmatlady we häzir 21,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Broadcom pudakda iň çalt ösýän brend boldy, onuň bahasy 29%, $8,2 mlrd çenli ýokarlandy. Ösüş depgini boýunça ikinji orny Analog Devices amerikan brendi eýeleýär. Ol 21% ösüşi görkezip, bahada 1,9 mlrd dollara ýetdi.
Ýarym geçiriji bölekleriň gurşawyndaky iň gymmat brendleriň arasynda üçünji orny Nvidia Corp., dördünji orny SK Hynix, bäşinji orny Qualcomm Inc. eýeledi. Onluga Broadcom, Advanced Micro Devices Inc. (AMD), ASML Holding NV, Micron Technology we Texas Instruments hem girýär.

düýn 19:06
837

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.1k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......