Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur gynanç bildirdi

  • 09.04.2023 15:33
  • 12k+

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi. Bu barada iki ýurduň Liderleriniň telefon arkaly söhbetdeşliginde bellenildi.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi. Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni we mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, şu kyn pursatda durnuklylygy arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow gynanç bildirendigi üçin, Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, agyr ýitgi zerarly şu kyn günlerde ýakyn dost tarapyndan berilýän uly goldawyň möhümdigini belledi.


05.01.2026 11:44
8.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...