Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdy

  • 07.04.2023 15:19
  • 5.9k+

6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.

2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewiň şol ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek boýunça çözgüdiniň kabul edilendigi üçin Guramanyň Baş sekretaryna hoşallyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan ähmiýetli senelere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşyldy.
Taraplar 2023-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň türki dünýäsi üçin ähmiýetini bellediler. Bu babatda Gurama agza ýurtlarda möhüm çäreleri geçirmek meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda, ýokarda agzalan senä bagyşlap Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......