Iwan Wolynkin Russiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenildi

  • 06.04.2023 22:09
  • 10k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine Iwan Wolynkin bellenildi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken degişli karary RF-niň hukuk maglumatlar internet portalynyň resmi saýtynda neşir edildi.

Beýleki bir karary bilen W.Putin Aleksandr Blohini RF-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirmekden boşatdy. Blohin 2011-nji ýyldan bäri RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýolbaşçylyk edýärdi.
Öň, Iwan Wolynkin RF-niň DIM-niň konsullyk departamentiniň direktory wezipesini ýerine ýetirýärdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......