Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtinginde altynjy orna çykdy

  • 06.04.2023 11:02
  • 34k+

Garyşyk söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdy.

Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy we reýtingde altynjy orny eýeledi.
10-njy martda San-Hose (Kaliforniýa, ABŞ) şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň çäginde türkmen pälwanynyň litwaly Žulius Anglikasy ýeňendigini ýatladýarys.

33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator bilen şertnama baglaşyp, bu guramadaky ilkinji türkmenistanly pälwan boldy. Türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.
Ýarym agyr agram derejesindäki atletikaçylaryň sanawynda birinji setiri russiýaly Wadim Nemkow eýeleýär. Ikinji orunda ABŞ-ly Kori Anderson, üçünji orunda bolsa onuň watandaşy Fil Dewis durýar.


01.06.2026 10:58
6.5k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
23k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......

13.03.2026 12:13
9.3k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...