Igor Babuşkin Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

  • 05.04.2023 23:19
  • 14k+

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny açmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.

Belläp geçsek, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin «Hazar – dostluk deňzi» motoýörişiň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza geldi.
Duşuşygyň barşynda bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Gubernator Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde Türkmenistandan ýaşlary okatmak meselelerini dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Astrahan oblastynda 1 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar.
Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda Magtymguly adyndaky döwrebap mekdep bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň beýany bolup durýar. Onuň türkmen medeniýetiniň merkezine öwrülendigini belläp, I.Babuşkin beýik Pyragynyň döredijilik mirasyny saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Hazarýaka döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ilkinji on günlük «Hazar – dostluk deňzi» motoýörişi 1-nji aprelde Astahanda başlandy. Oňa gatnaşyjylar Aşgabada gelip, ýoluň ýarsyny — 2,5 müň kilomatrini geçdiler (jemi aralyk 5 müň km). Kerwen eýýäm Atyrau we Aktau, Türkmenbaşy we Aşgabat sebitlerinden geçdi. Geljekde Babolser we Reşte, Astar we Baku, Kaspiýsk sebitlerine barmak meýilleşdirilýär. Motoýöriş 11-nji aprelde Astrahanda tamamlanar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......