Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen ABŞ-nyň işewürleri bilen duşuşdy

  • 05.04.2023 23:04
  • 11k+

Şu gün, 5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power“  kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça prezidenti Çaba Leýkony,  “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda bolan mahalynda amerikaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen  duşuşmagy hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaklary üçin oňat mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, özara kuwwatyň has giň gerimde ulanylyp bilinjekdigi äşgärdir. Türkmenistan amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýar. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlygy höweslendirmegi we ösdürmegi göz öňünde tutýar hem-de onuň möhüm ugurlary boýunça anyk tekliplere garamaga taýýardyr.
Işewürler döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy hem-de çuň manyly söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......