Rustam Minnihanow Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 05.04.2023 16:58
  • 18k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow Aşgabada bir günlük saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýip, Raisiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygynyň möçberi iki ýurduň eýe bolan mümkinçiliklerine laýyk gelmeýär. Bu günki gün Tatarystanyň maşyn gurluşygy we nebiti gaýtadan işleýiş ulgamyndaky birnäçe iri kompaniýalary Türkmenistanda iş alyp barýar.

«Yslam dünýäsi bilen hyzmatdaşlyk elmydama Tatarystanyň daşary ykdysady we halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» forumy ykdysady gatnaşyklar üçin esasy meýdança bolup durýar» - diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Şu ýyl «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» forumy 18-19-njy maýda geçiriler.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......