Nadal we Alkaras Monte Karloda geçiriljek «Masters» tennis ýaryşyna gatnaşmaz

  • 05.04.2023 16:21
  • 4.9k+

Uly tuwulga ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde rekord gazanan ispaniýaly Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP)  “Masters” seriýasynyň ýaryşyna gatnaşmaz. Sişenbe güni bu barada Twitter ýazdy.

Nadal: "Men entek iň ýokary derejede bäsleşmäge taýyn däl. Karýeramdaky iň möhüm ýaryşlaryň birinde - Monte Karloda oýnap bilmerin. Taýýarlanmagy dowam etdirýärin we ýakyn wagtda dolanyp gelerin diýip umyt edýärin" - diýdi. 2023-nji ýylyň başynda Nadal iki sany ýaryşy - amerikan Indian-Uellsinde we Maýamide “Masters” ýaryşyny duşundan geçirdi.

Şeýle hem sişenbe güni dünýäniň ikinji raketasy, ispaniýaly Karlos Alkaras we dünýä reýtinginde ýedinji orny eýelän kanadaly Feliks Ože-Alýassim Monte Karloda geçiriljek ýaryşa gatnaşyp bilmejekdiklerini habar berdiler. Iki tennisçi hem şikesler sebäpli ýaryşa gatnaşmaz.
Nadal Monte Karlo ýaryşynda 11 gezek ýeňiji bolup, ispaniýaly türgen soňky gezek 2018-nji ýylda ýeňiş gazanypdy. Bäsleşigiň häzirki ýeňijisi grek Stefanos Sisipas. Monte Karloda geçirilen bäsleşikde Russiýadan ýeňiji bolan ýeke-täk tennisçi 1990-njy ýylda ýeňiş gazanan Andreý Çesnokowdyr. 2023-nji ýylda Monte Karloda ýaryş 8-16-njy aprelde geçiriler.
Nadal 36 ýaşynda we ATP-yň reýtinginde 14-nji ýerde durýar. Ispaniýaly türgen, Uly tuwulga-nyň 22 ýaryşyny goşmak bilen, ATP-yň howandarlygynda geçen 92 ýaryşynda ýeňiş gazandy. Serb Nowak Jokowiç hem Uly tuwulga-nyň şonça ýaryşynda ýeňiji boldy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....