Bloomberg: Apple kompaniýadaky iş orunlarynyň sanyny azaldar

  • 05.04.2023 16:12
  • 10k+

Apple kompaniýasy korporatiw ownuk söwda bölüminiň işgärleriniň sanyny azaldar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýa şeýle hereketi işden çykarmak däl-de, işi optimizasiýalaşdyrmaga synanyşyk diýip atlandyrýar. Işden çykaryljak işgärleriň sany mälim edilmeýär, ýöne onuň az bolmagyna garaşylýar.
Apple-iň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda bu azaltma barada teswir bermekden ýüz öwürdiler diýip, agentlik belledi.
Fewral aýynda Bloomberg neşiri 2022-nji ýylda ABŞ-daky tehnologiki kompaniýalaryň girdejileriniň ykdysady çökgünligiň netijesinde haryt satuwynyň pese gaçmagy sebäpli ep-esli azalandygyny habar berdi. Islegiň peselmegi sebäpli Apple kompaniýasynyň paýnamalary 5,6% pese gaçdy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....