Jokowiç dünýä reýtinginiň başyna gaýdyp geldi

  • 04.04.2023 17:03
  • 3.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy. ATP reýtinginiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

Jokowiç Maýamide geçirilen Masters ýaryşynyň ýarym finalyndan soň çykan ispaniýaly Karlos Alkarasdan öňe geçdi. Netijede, Alkaras ikinji setire düşdi. Üçünji orny Gresiýanyň wekili Stefanos Sisipas saklap galdy. Bäşinji orundan dördünji orna Maýamidäki ýaryşda ýeňiji bolan russiýaly Daniil Medwedew çykdy. Dördünji orundan bäşinji orna norwegiýaly Kasper Ruud düşdi.
Ýedinji orundan altynjy orna russiýaly Andreý Rublýow çykdy. Ol kanadaly Feliks Ože-Alýassim bilen ornuny çalyşdy. Maýamidäki ýaryşyň finalynda Medwedewden utulan italiýaly Ýannik Sinner iki basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orny eýeledi. Ilkinji onlugy amerikaly Teýlor Fris jemleýär.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......