Medwedew Maýamidäki “Masters” ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 03.04.2023 13:53
  • 7k+

Russiýaly Daniil Medwedew Maýamide (ABŞ) geçirilen baýrak gaznasy 8,8 mln dollar bolan “Masters” tennis ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýaryşda dördünji belgide ýerleşdirilen Medwedew finalda 10-njy belgili italiýaly Ýannik Sinneri 7:5, 6:3 hasabynda utdy. Tennisçiler kortda 1 sagat 35 minut boldular. Şahsy duşuşyklardaky hasap russiýalynyň peýdasyna 6-0 boldy.
Medwedew karýerasyndaky ýekelikde 19-njy ATP ýaryşynda, şeýle-de häzirki möwsümde dördünji ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol Maýamidäki ýeňşi üçin 1,262 mln dollar we 1000 reýting utugyny gazandy. Sinner 662 müň dollar we 600 bal alar. Duşenbe güni Medwedew dünýäniň iň gowy tennisçileriniň reýtinginde dördünji orna çykar.


08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......