Täze iPhone-lara batareýa doly çökende-de aragatnaşykda galmaga mümkinçilik berýän prosessor oturdylar

  • 02.04.2023 18:03
  • 21k+

Apple täze ýokary hilli smartfonlaryna aşa pes energiýa sarp edişli mikroprosessor oturdar.

Bu barada   iPhone 14 Pro-da we 14 Pro Max-da Dynamic Island-yň peýda bolmagyny takyk çaklan insaýdere salgylanýan MacRumors neşiri habar berdi diýip, Report ýazýar.
Amerikan kompaniýasynyň meýilnamalary bilen tanyş bir adamyň sözlerine görä, täze çip kuwwatly gaty berk düwmeleri dolandyrmak üçin niýetlenendir. Ol smartfonyň batareýasy çökse-de, mikroprosessoryň işlejekdigini aýtdy.
Mikroprosessor diňe seriýanyň iň ýokary klas smartfonlarynda — iPhone 15 Pro-da we 15 Pro Max-da peýda bolar diýlip çaklanylýar. Çip Bluetooth LE-niň we Ultra Wideband-iň funksiýalaryny ýerine ýetirer, ýagny batareýa doly çökse-de, enjamyň aragatnaşykda galmagyna mümkinçilik döreder.
Hünärmeniň sözlerine görä, mikroprosessoryň ornaşdyrylmagy Apple-iň geljekki smartfonlarda sesi sazlaýan fiziki düwmeleri aýyrmagy meýilleşdirýändigi bilen baglanyşykly.  iPhone 15 we 15 Plus ýaly esasy enjamlaryň nusgawy fiziki düwmeler bilen galmagyna garaşylýar.


16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......