Özbegistanda ikinji Daşkent halkara maýa goýum forumy (TIIF-2023) geçiriler

  • 02.04.2023 17:45
  • 5.4k+

Özbegistanyň paýtagtynda ikinji Daşkent halkara maýa goýum forumyna (TIIF-2023) taýýarlyk görülýär. Bu barada Trend Özbegistanyň hökümet portalyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, forum şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Congress Hall Tashkent City-de geçiriler. Forumyň esasy maksady Özbegistanyň we umuman, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maýa goýum potensialyny görkezmek üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan mümkin boldugyndan has köp maýadarlary jemlemekden ybaratdyr.
Çäräniň çäklerinde hünärmenleriň 30-dan gowrak diskussion duşuşyklarynyň, şol sanda panel sessiýalarynyň, tegelek stollaryň we B2B formatyndaky gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.
Forum üçin hasaba alnyş www.iift.uz salgysy boýunça elýeterlidir we 2023-nji ýylyň 20-nji apreline çenli dowam eder.
Ýatlap geçsek, birinji forum 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirildi. Bu giň gerimli çäräniň dowamynda dünýäniň 56 ýurdundan iki müňe golaý gatnaşyjy Özbegistanyň kärhanalarynyň maýa goýum potensialyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy.


09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

21.03.2026 08:25
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...