Nowak Jokowiç duşenbe gününden ýene dünýäniň birinji raketkasy bolar

  • 02.04.2023 15:30
  • 2.5k+

Serbiýaly Nowak Jokowiç Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) global reýtinginde birinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkarasyň Maýamide geçirilýän “Masters” ýaryşynyň finalyna çykyp bilmändigi sebäpli, duşenbe gününden başlap dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp alar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

2022-nji ýylda Maýamide geçirilen ýaryşyň çempiony bolan Alkaras bu gezek ýaryşdaky çykyşyny ýarym finalda tamamlady, ol italiýaly Ýannik Sinnerden utuldy.
Ýarym finalda utulandygy üçin ol geçen möwsümde “Mastersde” gazanan reýting utuklaryny gorap bilmedi we indi ATP-niň täzelenen reýtinginde 400 bal ýitirer. Jokowiç koronawirus çäklendirmeleri sebäpli geçen möwsümde-de, şu möwsümde-de ýaryşa goýberilmedi, şonuň üçin oňa Maýamidäki reýting utuklaryny goramak gerek bolmady we ol täze reýtingde bal ýitirmez.
Häzirki wagtda Jokowiçiň hasabynda 7160 utuk, Alkarasda 7420 utuk bar. 3-nji aprelde Jokowiçde şol bal galar, Alkarasda bolsa 7020 utuk galar we ol birinji orny serbiýaly türgene berer.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......