Beýik Britaniýada 2009-njy ýyldan bäri jaý bahalarynyň rekord derejede pese gaçyşy hasaba alyndy

  • 02.04.2023 15:26
  • 9.3k+

2023-nji ýylyň mart aýynda Beýik Britaniýada ýaşaýyş jaýynyň ortaça bahasy 257 müň funt sterling boldy, bu geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 3,1% azdyr. Birleşen Korollygyň Milli gurluşyk jemgyýetiniň (Nationwide Building Society) gözleginde bellenilişi ýaly, bu 2009-njy ýylyň iýul aýyndan bäri iň uly ýyllyk pese gaçyş boldy. Muny rbc.ru ýetirýär.

Beýik Britaniýanyň ýaşaýyş jaý bazary geçen ýyl maliýe bazaryndaky bulaşyklyk sebäpli üýtgedi. Şondan bäri alyjylaryň işjeňligi pes bolmagynda galýar. Ipotekanyň berilmegi hem pese düşdi – 2023-nji ýylyň fewralynda 43,5 müň ýaşaýyş jaý krediti tassyklandy, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 40% pesdir.
Nationwide Building Society-nyň baş ykdysatçysy Robert Gardneriň aýtmagyna görä, Beýik Britaniýada ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary eýýäm yzygider ýedinji aý bäri peselýär. Gysga möhletde bazarda işjeňligi ýokarlandyrmak kyn bolar, sebäbi sarp edijileriň ynam derejesi pes, öý hojalyklarynyň býujeti bolsa ýokary inflýasiýa sebäpli çäklendirilen diýip, Gardner çaklaýar.
Nationwide Building Society britaniýalylaryň köpüsi üçin ýaşaýyş jaýyna elýeterliligiň bolmazlygy sebäpli gozgalmaýan emläk bazarynda ýagdaýyň kynlaşýandygyny belleýär. Bahalar orta girdejili britaniýalylar üçin örän ýokary bolup galýar, ipoteka goýumlary bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden gowrak ýokarlandy we häzir ýylda 5% töweregi boldy.


14.03.2026 15:33
2.8k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...