Repçi Jay-Z-niň baýlygy 2,5 mlrd dollara ýetdi

  • 02.04.2023 15:23
  • 10k+

Forbes USA-nyň täzelenen maglumatlaryna görä, amerikaly sazanda we prodýuser Jay-Z-niň baýlygy 2,5 mlrd dollara ýetdi. Ol iň baý rep-ýerine ýetirijileriniň sanawynda birinji orny eýeleýär diýip, forbes.kz belleýär.

Soňky gezek neşir onuň baýlygyny 2021-nji ýylda hasaplapdy: şonda ol 1,1 mlrd dollar az, ýagny 1,4 mlrd dollar diýlip çaklanyldy. Jay-Z-niň aktiwleriniň arasynda Roc Nation güýmenje kompaniýasy, Marcy Venture Partners wençura gaznasy (2019-njy ýylda 85 mln dollar çekdi), giň şekillendiriş sungaty ýygyndysy, şol sanda Žan-Mişel Baskiýanyň işleri bar. Mundan başga-da, sazanda Armand de Brignac şampan brendiniň ýeke-täk eýesidir we D’Usse konýagynyň önümçiligine, Uber taksi hyzmatyna we Tidal aýdym-saz striming hyzmatyna maýa goýdy.
2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop milliarderi diýlip saýlandy. Forbes USA-nyň öňki redaktory Zak O’Melli “Insider” neşirine beren interwýusynda onuň iň ýakyn bäsdeşiniň baýlygy, takmynan, 1 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan repçi Diddy-dygyny belledi.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.9k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...