Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda «Arkadag» futbol kluby döredildi

  • 01.04.2023 23:59
  • 27k+

Türkmenistanda täze «Arkadag» futbol kluby döredildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary konferensiýasynda geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Arkadag» futbol kluby biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna agzalyga kabul edildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berýär. 

Konferensiýanyň yzysüresi geçirilen TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda täze döredilen «Arkadag» futbol klubuny ýurdumyzyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak barada karara gelindi.
Şeýle-de, TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň, Kubok bäsleşiginiň hem-de ýaşlar toparlarymyzyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşyň geçiş tertipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 08:03
1.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....