London dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi statusyny ýitirdi

  • 01.04.2023 11:55
  • 16k+

Dünýäniň maliýe merkezleriniň reýtinginde Nýu-Ýork London bilen deňleşdi. Bu barada City of London Corporation-yň gözlegine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Britaniýanyň paýtagty bäsdeşlige ukyplylygy taýdan geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1 punkt artdyryp, 60 bal aldy. Şol bir wagtyň özünde Nýu-Ýork birbada iki punkt artdyrdy we 60 bal aldy. Üçünji orunda Singapur (51 bal) ýerleşdi. Bäşligi Frankfurt (46) bilen Pariž (43) jemleýär.
London bu reýtingiň taryhynda ilkinji gezek ýekebara liderligini ýitirdi. Munuň sebäbi Brexit we beýleki sebit maliýe merkezleriniň has işjeň ösmegi boldy diýip, Financial Times belleýär.
City of London Corporation-dan Kris Heýuord maliýe pudagynda we professional hyzmatlar pudagynda ösüşi höweslendirmek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň gerekdigini belleýär. Häzirki wagtda Siti administrasiýasy Lloyd’s, Schroders, JPMorgan, EY we Barclays kompaniýalarynyň goldaw bermeginde şeýle meýilnamalary düzmäge başlady.
Hasabatda Londonyň innowasiýa, maliýe işjeňligi, maliýe ulgamynyň durnuklylygy we işewürligi alyp barmak üçin infrastruktura, şeýle-de ýokary hünärli işgärleriň we oňyn sazlaşygyň bolmagy taýdan gowy görkezijileri berýändigi bellenilýär. Ýöne Nýu-Ýork tehnologiýa maýa goýumlary we amala aşyrylýan şertnamalaryň mukdary boýunça Britaniýanyň paýtagtyndan öňe geçýär.
Britaniýanyň maliýe pudagy 2022-nji ýylda daşary söwda balansynyň saldosyna 64 mlrd funt möçberinde ($79,2 mlrd) oňyn goşant goşdy, bu dünýäniň islendik ýurduna garanyňda köpdür diýlip, hasabatda bellenilýär.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......