МТС täze logotipini tanyşdyrdy. Operator ýumurtga şekilindäki öňki logosyndan ýüz öwürdi

  • 31.03.2023 23:49
  • 19k+

Eýýam çalyşýar: bu günki gün МТС operatory adaty nyşany aýrylan - ak ýumurtgasyz, düýbünden täze logotip hödürledi. Indi ol üç burçunda "M", "T" we "C" harplary bolan inedördül. Şeýle-de bolsa, kompaniýa bu görnüşiň entek gutarnykly däldigini aýdýar.

“Indi МТС-iň firma stiliniň esasy — ähli önümleri öz içine alýan we wizual ulgamyň esasyna öwrülýän dinamiki we çeýe logotip, onuň çep burçy bolsa  aýratyn hyzmatlary bellemek üçin erkin galýar. Brendiň esasy tanalýan elementi bolan МТС-iň gyzyl reňki saklandy, ýöne oňa has köp dürli reňk çözgütleri goşuldy " - diýip, operator täze logotip barada teswir berýär.
“Biz köp zady üýtgetdik. Dolandyryş ulgamlaryny üýtgetdik, köp kompaniýalar içerde peýda boldy. Öňküligimize galyp bilmedik, daşymyzy hem üýtgemeli wagtymyz geldi diýip pikir etdik. Muňa gutarnykly we üzül-kesil karar diýip aýdyp bilmerin" - diýip, МТС-iň prezidenti Wýaçeslaw Nikolaýew rebrendinge bagyşlanan çärede aýtdy. Şeýle hem, rebrendingiň 20-30 million rubl bolandygyny çaklady.

МТС täze logotipiň ýuwaş-ýuwaşdan giriziljekdigini belleýär: ilki bilen sanly önümler we saýtlar üýtgär, ofisleriň we dükanlaryň atýazgylary, dizaýny bolsa kem-kemden üýtgär.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....