Redmi Note 12 Turbo Harry Potter Edition smartfony hödürlendi

  • 31.03.2023 00:48
  • 22k+

Redmi brendi Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda ortaça arzan Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Dabarada "Garri Potteriň" stilinde ýerine ýetirilen ýörite çäkli wersiýa aýratyn üns berildi.

Model aýratynlyklary taýdan adaty görnüşden tapawutlanmaýar, ýöne yzky gapagynda ady hem-de gerbi şekillendirilen romanlaryň stilinde ýerine ýetirilen, içinde bolsa tematiki diwarlyklar we temalar gurnalan, toplumda ýörite daşlyk, 9 3/4 ýazgyly SIM kartlary saklaýjyny aýyrmak üçin guraljyk, ýelmentgiler, çakylyk haty we "talaňçylar kartasy" bar. Kabel bilen zarýad beriji gurluş ak reňkde ýerine ýetirilen.

Toplum 2399 ýuana düşýär. Onuň bir wersiýasy bar - 12+256 GB. Satuw 31-nji martda başlar.
Smartfona goşmaça hökmünde tematiki dizaýnda ýerine ýetirilen Redmi Buds 4 nauşniklerini hem satyn almak bolýar. Olaryň bahasy 399 ýuan. Nauşnikler ýanyňda götermek üçin deri daşlygy bilen ýörite gutuda gelýär.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...