Messi ýygyndysy üçin 100-den gowrak gol geçiren taryhda üçünji futbolçy boldy

  • 30.03.2023 13:54
  • 14k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi milli ýygyndy üçin 100 gol geçirdi. Argentinaly futbolçy Kýurasaonyň milli ýygyndysy bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda het-trik etdi, indi onuň hasabynda 102 gol bar. Şeýlelikde, Messi öz ýurdunyň milli ýygyndysy üçin 100-den gowrak gol geçirmegi başaran taryhda üçünji oýunçy boldy.

Bu görkeziji boýunça Portugaliýanyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 122 gol bilen öňde barýar. Karýerasyny tamamlan eýranly futbolçy Ali Daei milli ýygyndy üçin 109 gol geçirdi.
Argentinanyň milli ýygyndysy Kýurasao toparyny 7:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 20-nji minudynda Lionel Messi hasaby açdy. Üç minutdan soň Nikolas Gonsales artykmaçlygy artdyrdy. 33-nji minutda Messi dubl etdi. Enso Fernandes 35-nji minutda Messiniň beren pökgisini tora girizdi. Messi oýnuň üçünji goluny iki minutdan soň tora girizdi. Anhel Di Mariýa 78-nji minutda jerime urgusyndan pökgi geçirdi. 87-nji minutda Gonsalo Montýel hasaby jemläp, 7:0 etdi.


11.06.2026 23:57
4.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....