Redmi Note 12 Turbo resmi taýdan hödürlendi

  • 30.03.2023 07:08
  • 25k+

Redmi brendi orta klasly täze Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Bu Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 2 çibinde işleýän ilkinji telefonlaryň biridir. Şeýle-de, bu dewaýs inçe çarçuwa we 16 GB + 1 TB wersiýa eýe boldy, bu baha segmentinde seýrek ýagdaýdyr.

Redmi Note 12 Turbo smartfonynyň häsiýetnamasy:

  • - Displeý: 6,67’’, OLED, FullHD+, 120 Gs, 1000 nit, HDR 10+
  • - Prosessor: 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 2
  • - Kamera: 64 Mp (esasy), 8 Mp (giň burçly), 2 Mp (makro); 16 Mp (frontal)
  • - Ýat: 8/12/16 GB operatiw (LPDDR5), 256/512 GB we 1 TB hemişelik (UFS 3.1)
  • - Batareýa: 5000 mA/sag, 67 Wt
  • - OS: Android 13 (MIUI 14)
  • - Baglanyşyk: USB Type-C, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.3, NFC, 5G, 3,5 mm.

Esasy kamera şekili optiki durnuklaşdyrma, şeýle-de In-Sensor Zoom we Xiaomi Imaging Brain 2.0 tehnologiýalarynyň goldawyna eýe boldy. Dinamika Hi-Res we Dolby Atmos bilen sertifikatlaşdyrylan. Redmi-niň bellemegine görä, smartfon bir zarýad bilen bir ýarym gün işläp biler.
Gurluşyň oňyn taraplaryna iPhone 14 ýaly ekran çarçuwasyny hem goşmak bolar: ýokarky – 1,42 mm, gapdal – 1,95 mm, aşaky – 2,22 mm. Korpusyň galyňlygy 7,9 mm barabar. Telefonyň agramy 181 g.
Tanyşdyrylyş dabarasynda smartfonyň oýun mümkinçiliklerine-de köp wagt sarp edildi. Ýöne gysgaça aýdylanda, ähli zat çalt we durnukly işlemeli.

Redmi Note 12 Turbo-nyň bahasy:

  • - 8+256 Gb – 1999 ýuan
  • - 12+256 Gb – 2199 ýuan
  • - 12+512 Gb – 2399 ýuan
  • - 16+1 Tb – 2799 ýuan.

22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...