Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

  • 30.03.2023 06:53
  • 6.8k+

29-njy martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertleri nazara alnyp, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlandy.

Welaýatyň ekerançylary, esasan, pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ýetişdirýärler. Sebitde meýdanlary ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda maşyngurluşygynyň dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan tehnikalaryň uly toplumy bar. Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün ederler. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar döredildi.


11.05.2026 22:55
998

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......