Gazagystanyň Hökümeti işinden çekildi

  • 29.03.2023 15:54
  • 36k+

Premýer-ministr Alihan Smailowyň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň hökümeti aşaky palatanyň täze saýlanan düzüminiň öňünde ygtyýarlyklaryny tabşyrdy diýip,  Trend gazak habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Palatanyň deputatlarynyň saýlawlary 19-njy martda geçirildi. Ýerleriň aglabasyny iň uly partiýa bolan "Amanat" aldy. Çarşenbe güni täze çagyrylyşyň deputatlary ilkinji ýygnaga ýygnandylar. Gazagystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hökümet täze saýlanan mejlisiň öňünde ygtyýarlyklaryndan çekilýär.

"Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň täze saýlanan majlisiniň öňünde ygtyýarlyklaryndan çekilýändigi bilen baglanyşykly karar edýärin: Gazagystan Respublikasynyň hökümeti täze düzümi tassyklanýança öz borçlaryny ýerine ýetirmeli – diýip,  Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edilen kararyndaky tekstde aýdylýar.

Indi Tokaýew halk deputatlarynyň garamagyna hökümet başlyklygyna täze dalaşgär hödürlemeli. Mejlis tarapyndan tassyklanandan soň, prezident ony premýer-ministr edip bellär.


23.04.2026 10:49
4.2k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......