Türkmenistandan ýene bir agyr atletikaçy ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal aldy

  • 29.03.2023 14:51
  • 23k+

17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.

Medine 59 kg çenli agram derejesinde ýeňiş gazandy. Silterläp hem-de itekläp götermegiň jemi boýunça türkmen türgeni — 199 kg netije görkezdi.
Bu agram derejesinde ikinji orny ekwadorly Jessika Palasios eýeledi — 195 kg (88+107). Bürünç medaly albaniýaly türgen Enkileda Karja aldy — 187 kg (87+100).
Öň, bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň beýleki bir wekili Ogulşat Amanowa 45 kg çenli agram derejesinde altyn medal alypdy.
Perhat Bahtiýarow bolsa 61 kg çenli agramda kümüş medal gazandy.


19.05.2026 16:26
6.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.1k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.8k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......