Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal aldy

  • 28.03.2023 15:52
  • 25k+

Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn we kümüş medal gazandylar.

Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulşat Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda dünýäniň çempiony boldy. 45 kg agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz Türkiýeden, Ýaponiýadan, Kolumbiýadan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Ekwadordan, Filippinlerden, Ukrainadan, Maltadan we Ispaniýadan bolan türgenleri jemlän bäsleşikde garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy.
Ogulşat Amanowanyň umumy netijesi 156 kg-e barabar bolup, altyn medala eýe bolmagyny barabar boldy.
Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna 57 döwletden 268 türgen gatnaşýar.


19.05.2026 16:26
6.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

19.05.2026 14:50
5.1k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.8k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......