FIFA klublara oýunçylary 2026-njy we 2030-njy ýyldaky DÇ-e ibermek üçin bellenilen mukdary aýtdy

  • 29.03.2023 11:26
  • 12k+

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublara 2026-njy we 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatlaryna oýunçylary ibermek üçin 710 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Duşenbe güni Budapeştde FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) başlygy Nasser Al-Helaifi özara düşünişmek barada ähtnama gol çekdi. Şertnama 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli niýetlenýär. Ähtnama 2030-njy ýyla çenli klublaryň täze halkara oýun senenamasyna boýun bolmak baradaky täzelenen borçnamasyny öz içine alýar.
ECA klublaýyn dünýä çempionatynyň 32 toparyň gatnaşmagyndaky täze formatyny, Çempionlar ligasynyň we kontinentara pleý-offuň ýeňijileriniň arasynda her ýyl geçiriljek oýny, şeýle-de geljekde dörediljek zenanlaryň klublaýyn dünýä çempionatynyň geçirilmegini goldady. Şertnamada oýunçylaryň dünýä çempionatlaryna gatnaşandyklary üçin klublara berilýän kompensasiýanyň 209 mln dollardan (2018, 2022) 355 mln dollara çenli (2026, 2030) ýokarlanjakdygy hem aýdylýar.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler hem-de 48 topar gatnaşjak ilkinji DÇ bolar. 2030-njy ýyldaky ýaryşyň geçiriljek ýeri heniz kesgitlenmedi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....