iOS 17-de Apple özge çeşmelerden iPhone üçin goşundylary almaga mümkinçilik berer

  • 28.03.2023 22:54
  • 9.5k+

iOS 17-de özge çeşmelerden iPhone üçin mobil goşundy dükanlaryna goldaw hödürlenip biler. Bu barada TechCrunch neşiri tanymal insaýder we Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurmanyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Owal iOS 17-de Apple operasion ulgamyny optimizirlemäge we öňki wersiýalardaky kemçilikleri düzetmeklige ünsi jemlär diýip hasaplanýardy . Şeýle-de bolsa, Gurmanyň habar berşine görä, işlenip taýýarlanyş wektory üýtgedi.
Insaýderiň maglumatlaryna görä, Dawn diýlip atlandyrylýan iOS 17 birnäçe “iň köp talap edilýän aýratynlyklary” alar. Gurman munuň nämedigini aýtmady, ýöne täzelikleriň "gowy" boljakdygyny belledi.
TechCrunch-da maglumat berijiniň aýdan üýtgeşmeleriniň, ilkinji nobatda, üçünji tarapyň çeşmelerinden iOS-a goşundylary almak mümkinçiligini goşmak bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Neşiriň pikiriçe, Apple-e Ýewropanyň kanunlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin muny etmek zerur bolup durýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...