Messiniň transfer bahasy 16 ýylda ilkinji gezek 50 mln ýewrodan aşak düşdi

  • 28.03.2023 15:47
  • 15k+

«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň transfer bahasy Transfermarkt tarapyndan 45 mln ýewro diýlip hasaplandy, oýunçy 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 50 mln ýewrodan pes baha bilen bahalandyryldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Portal Fransiýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bahalary baradaky maglumatlaryny täzeledi. Noýabr aýynda Transfermarkt Messini 50 mln ýewro, 2018-nji ýylda 180 mln ýewro bilen bahalandyrypdy.
Häzirki möwsümde 35 ýaşly Messi “PSŽ” üçin 32 oýunda 18 gol salyp, 17 netijeli geçirim etdi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa Katardaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
Messiden başga-da, Parižiň klubunyň ýene bir oýunçysynyň – braziliýaly Neýmaryň bahasy peseldi (5 mln ýewro, 70 mln ýewro çenli).
Noýabr aýyndan bäri bahada iň uly ösüş eden “Monakonyň” 18 ýaşly oýunçysy Eliss Ben-Segir boldy, ýagny onuň transfer bahasy 200 müň ýewrodan 18 mln ýewro ýetdi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....